Gurbanguly Berdimuhamedow halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş etdi

  • 13.12.2025 13:16
  • 6.6k+

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşýandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Forum dünýäniň köp sanly döwletleriniň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini, syýasatçylary, diplomatlary, jemgyýetçilik işgärlerini bir ýere jemledi.
Forum durnuklylygyň berkidilmegine, dünýä döwletleriniň okgunly hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge degişli meseleleriň giň toplumyny, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe çärelere garamagy, häzirki wagtda öňümizde durýan ählumumy gün tertibiniň beýleki ugurlaryny öz içine aldy.

"2025-nji ýylyň dowamynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar, köpugurly birleşikler hem-de edaralar bilen bilelikde Türkmenistan maksada okgunly oňyn daşary syýasat işlerini durmuşa geçirdi. Bu işler sebit we halkara formatlarda dürli derejelerde alnyp baryldy hem-de halkara gatnaşyklaryň oňyn ýagdaýda netijeli ösdürilmegi üçin şertler döretmek, dünýä syýasatynda ynamy gaýtadan dikeltmek, dialog medeniýetini berkarar etmek ýaly umumy maksat bilen birleşdirildi. Häzirki wagtda bu ýörelgelerdir maksatlar aýratyn ähmiýete eýedir" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýä gurluşynyň köp ugurlary boýunça dürli çemeleşmeleriň emele gelen şertlerinde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny kanunalaýyklyk diýip atlandyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryň alnyp barylmagynda maglumat dialogyna wajyp ornuň degişlidigini aýdyp, ýurdumyzyň bu ugra biziň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň, Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» ählumumy başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr. Munuň üçin kiberjenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, şu gezekki forum dünýä ýurtlaryna jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, raýdaşlygy ýokarlandyrmaga, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge anyk hem-de aýdyň çagyryşdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyň işiniň tamamlanandygyny yglan edip, mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipleriň we konsepsiýalaryň, gymmatly başlangyçlardyr pikirleriň beýan edilendigini, olaryň şübhesiz mynasyp goldawa eýe boljakdygyny, syýasy-diplomatik işde, döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň we birleşikleriň işlerinde peýdalanyljakdygyny belledi.
Forumda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.


şu gün 07:51
408

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
877

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......