Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy

  • 09.12.2025 10:21
  • 6.5k+

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Kaha Imnadze Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna BMG-de ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde döwletimiziň uly goşandyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Aşgabatda dünýäniň köp ýurdundan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň şu ýylyň esasy wakasyna öwrüljekdigini aýtdy hem-de bu forumyň halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.
Kaha Imnadze şeýle giň gerimli forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň mysalydygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen, ABŞ amala aşyran iş saparynyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu ýubileý sessiýanyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornuny belledi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......