Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi

  • 13.12.2025 12:58
  • 8.3k+

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde birnäçe iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşykda bellenilişi ýaly, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan ähli hyzmatdaş ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. ŞHG bilen hyzmatdaşlyk daşary syýasatymyzyň wajyp ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň bu guramanyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisi bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris. Türkmenistan anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermek bilen, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşykda YHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy. Şu ýylyň aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu forumyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşandygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan YHG-nyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bu gurama agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malik bilen duşuşykda türkmen halkynyň Milli Liderimiz türkmen halkynyň baý taryhynyň, yslam dini bilen bagly mirasynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarynyň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda köpri hökmünde hyzmat etjek Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy anyk ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny belledi.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......