Arkadag şäherindäki mekdep daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwrüler

  • 11.01.2026 14:47
  • 7k+

Arkadag şäherindäki umumy bilim berýän mekdebini döwrebaplaşdyrmak we ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek meýilleşdirilýär. Bu barada 10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda şäheriň häkimi G.Mämmedowa maglumat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu çözgüdi oňlap, daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri bu mekdebiň ýaşlary bakalawriat, magistratura ýaly ugurlara ugrukdyrmakda ýöriteleşdirilen mekdep bolmalydygyny aýratyn nygtady. Bu mekdebi tamamlan okuwçylar öz niýet eden hünäriniň eýesi bolmakda uly mümkinçiliklere eýe bolarlar. 
Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi we dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şu maksat bilen, mekdep binasynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.


şu gün 10:02
1.3k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
1.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....