Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen 2025-nji ýylyň jemini jemlediler we geljek ýylyň çärelerini maslahatlaşdylar

  • 31.12.2025 09:23
  • 15k+

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygy we möhüm wakalara beslenendigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparlarynyň ähmiýetine ünsi çekildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň geljek ýylda-da Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ruhunda köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen tarapy bu sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ozalky duşuşyklaryň netijelerinden görnüşi ýaly, şeýle formatlarda özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň hem-de baýlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de türkmen tarapynyň bu çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler we iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......