Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda ýertitremeden zyýan çekenlere hemaýat bermek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy

  • 22.10.2025 13:30
  • 11k+

21-nji oktýabrda Arkadag şäherine saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu babatda teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, bu meselede Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we haýyrly işleriň goňşy halka goldaw bermekde öz beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halky taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary döredipdirler, olaryň häzirki döwürde dowam etmegi bolsa sogap işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......