Arkadag şäherinde bedewleriň we söwda kerweniniň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgäh gurulýar

  • 06.11.2025 12:10
  • 6k+

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, “Arkadag” seýilgähine baryp gördi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, “Arkadag” seýilgähinde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada Gahryman Arkadagymyza hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekiller türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini alamatlandyrar. Şekilleriň seýilgähiň beýleki desgalary we suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu ugurda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagalla edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän şekilleri synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak söwda kerweniniň şekilleri halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna, olaryň görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini belledi.

“Halkymyzyň dünýä nusgalyk gymmatlyklary bolan ahalteke bedewleri, adamlaryň hemişelik hemrasy bolan alabaýlar, türkmen halkynyň taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ynsan gylykly arwana düýeleri milli buýsanjymyzdyr. Şeýlelikde, bu babatda ýerine ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna we milli ýörelgelerimize doly laýyk gelmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......