5.9k+

“Tottenhemiň” ýolbaşçysy 25 ýyldan soň wezipeden aýryldy

Londonyň “Tottenhem” futbol kluby Deniel Lewiniň 25 ýyl bäri eýelän başlyk wezipesinden gidendigini habar berdi. Ol Angliýanyň premýer-ligasynyň toparlarynyň arasynda iň köp işlän ýolbaşçy boldy. Indi bu wezipäni klubuň esasy paýdary bolan Lýuis maşgalasynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Piter Çarrington eýeledi...

9.5k+

Türkmenistan CAFA Milletler Kubogynda Omandan utuldy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler kubogynyň (CAFA Nations Cup) toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda Omandan utuldy. Daşkentdäki “Jar” stadionynda geçirilen oýun Omanyň futbolçylarynyň peýdasyna 1:2 hasabynda tamamlandy...

14k+

Günorta Amerikadan DÇ-2026 üçin göni ýollama alan toparlaryň ählisi belli boldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşjak alty toparyň ählisi belli boldy. Göni ýollamany Argentinanyň (38 utuk), Braziliýanyň (28), Urugwaýyň (27), Ekwadoryň (26), Kolumbiýanyň (25) we Paragwaýyň (25) milli ýygyndylary aldy...

9k+

Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi

1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr...

14k+

CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy...

6.7k+

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...

4.6k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň esasy tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Monakoda Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekişigini geçirdi. Ol ikinji möwsüm 36 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçer. Şol gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropada üçünji möhüm klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyrynyň hem bije çekişigi geçirildi...

11k+

«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş edýän Türkmenistandan «Altyn asyr» toparynyň toparçadaky garşydaşlary belli boldy. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «A» toparça düşen paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşlary Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary boldular...

6.1k+

Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi

28-nji awgusta geçilen gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Netijede, Ýewropanyň esasy ýaryşynyň umumy tapgyryna gatnaşjak klublaryň ählisi belli boldy. Ýaryş üçin ýollamany iň soňky bolup “Kaýrat” (Gazagystan), “Budýo-Glimt” (Norwegiýa), “Pafos” (Kipr), “Karabah” (Azerbaýjan), “Brýugge” (Belgiýa), “Benfika” (Portugaliýa) we “Kopengagen” (Daniýa) aldy...

15k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...

8.8k+

44 ýaşly braziliýaly derwezeban futboldaky oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy

“Fluminenseniň” braziliýaly derwezebany Fabio professional futbolda gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça rekord eýesi boldy. Onuň hasabynda indi 1391 oýun bar. 44 ýaşly futbolçy çarşenbe güni Günorta Amerika kubogynyň 1/8 finalynyň Kolumbiýanyň “Amerika De Kali” toparyna garşy oýnuna başlangyç düzümde çykdy...

7.5k+

“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy

"Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Ştutgarty” 2:1 hasabynda utup, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Ştutgartda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn (18-nji minut) we Luis Dias (77) gol geçirdi...

8.7k+

UEFA klublaryň täzelenen reýtingini çykardy: birinji - «Real»

2025/26 möwsüminiň öňüsyrasynda UEFA klublaýyn reýtingini täzeledi. Sanawda ilkinji orny 117,5 utuk toplan Madridiň "Realy" eýeledi. Geçen möwsümde “Real” hiç bir kubogy gazanyp bilmese-de, UEFA-nyň reýtingi soňky bäş möwsümde toparlaryň Ýewrokuboklardaky netijelerine görä düzülenligi sebäpli "Real" sanawyň başyna çykdy...

8.4k+

La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner

La Liganyň prezidenti Hawýer Tebas “Barselona” futbol kluby barada gizlin maglumatlary aýan etmekde aýyplamalardan soň wezipeden aýrylyp bilner. Bu barada AS gazeti habar berýär. Ispaniýanyň Demokratiýa we sport aç-açanlygy assosiasiýasynyň başlygy Migel Anhel Galan Ýokary sport geňeşine (CSD) 50 sahypalyk resminama berip, onda Tebasyň bäş düzgün bozma ýol berendigini nygtady...

12k+

«Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň AFK-2 Çempionlar ligasynda garşydaşlary belli boldy

"Arkadag" we "Ahal" futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda garşydaşlaryny bildiler. Toparlaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynda geçiriler. Toparlaýyn tapgyryň bije çekmek dabarasy şu gün geçirilip, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň YouTube kanalynyň efirinde göni ýaýlymda görkezildi...

6.7k+

Luis Enrike Ýewropanyň iň gowy 30 tälimçisiniň sanawynda birinji orny eýeledi

ESPN portaly Ýewropanyň iň gowy 30 futbol tälimçisiniň reýtingini hödürledi. Birinji orny ispaniýaly hünärmen, fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” baş tälimçisi Luis Enrike eýeledi. Awtorlar reýting düzülende tälimçiniň ussatlygy, stili, topary dolandyryşy, aragatnaşyklary, üstünlikleri we haýran galdyrmak, täze pikirleri döretmek we şowsuzlyklardan soň dikelmek ukyby göz öňünde tutuldy...