Pedri kluba wepalylygy we hormaty üçin «Barselonanyň» oýunçylarynyň baýragyny aldy

  • 22.12.2025 12:37
  • 6.9k+

«Barselonanyň» ispaniýaly ýarymgoragçysy Pedri içerki futbolçylar assosiasiýasy tarapyndan Klubuň oýunçylarynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak möwsümiň dowamynda topara wepalylygy we janköýerlere, garşydaşlara hem eminlere hormatly gatnaşygy görkezen futbolçylara berilýär.

Bu baýrak oýunçynyň oýun görkezijilerini däl-de, şahsy adamkärçilik häsiýetlerini görkezýär. Laureat saýlananda oýunçynyň yhlaslylygy, meýdançada özüni dogry alyp barşy we ýagdaýa seretmezden toparyň bähbidine hereket etmäge taýýarlygy göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda «Barselonanyň» düzüminde Lamin Ýamal, Gawi hem-de kärendesine hökmünde häzirlikçe «Monakoda» oýnaýan Ansu Fati ýaly klub tarapyndan ýetişdirilen birnäçe zehinli oýunçylar bar. Olardan tapawutlylykda Pedri öz futbol başarnyklaryny «Las-Palmasda» ösdürdi we şondan soň «Barselona» geçdi. Kataloniýa göçenden soň, ol derrew Hawiniň ýaşlar taslamasynyň öňdebaryjy oýunçylarynyň biri boldy we toparyň esasy düzüminde öz ornuny tapdy. Täze tälimçi Hans-Diter Fligiň gelmegi bilen bolsa, futbolçynyň roly has-da güýçlendi. 


şu gün 17:01
2.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
3.5k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....