«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy

  • 24.12.2025 10:04
  • 3.4k+

«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi.

Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar).
«Napoli» Superkubogyň üç gezek eýesi boldy. Ozal topar bu kubogy 1990-njy (şol wagt toparyň kapitany Diego Maradonady) we 2014-nji ýyllarda gazandy.
«Napoli» Superkubok ugrunda Italiýanyň çempionatynyň häzirki ýeňijisi hökmünde göreşdi. «Bolonýa» bolsa Kubokdaky ýeňşiniň netijesinde bu titul üçin oýna ilkinji gezek gatnaşdy.
Bir ýyl ozal Italiýanyň Superkubogyny finalda «Interi» 2:3 hasabynda utan «Milan» gazanypdy. Ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord «Ýuwentusa» degişli. Ol bu kubogyň 9 gezek eýesi boldy.
«Napoliniň» baş tälimçisi Antonio Konte üçin bu titul tälimçilik karýerasynda onunjy boldy. Ol 2024/25 möwsüminde klub bilen bilelikde Seriýa A-nyň çempiony boldy. Mundan öň Konte «Ýuwentus» bilen üç gezek Italiýanyň çempionatyny (2012-2014) utdy, «Çelsi» bilen Angliýanyň çempiony (2017) we «Inter» bilen Italiýanyň çempiony (2021) boldy. Şeýle-de, ol «Ýuwentus» bilen iki gezek Italiýanyň Superkubogynda ýeňiş gazandy (2012, 2013) we «Çelsi» bilen bir gezek Angliýanyň Kubogyny utdy (2018). 


düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....