«Inter Maýami» Luis Suares bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy

  • 18.12.2025 21:47
  • 2.3k+

Urugwaýly hüjümçi Luis Suares Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» kluby bilen täze şertnama baglaşdy. Ylalaşyk 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi.

38 ýaşly hüjümçi amerikan klubunda 2024-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Bu döwürde ol 2024-nji ýylda MLS-iň yzygiderli çempionatynyň ýeňijisi titulyny gazandy we 2025-nji ýylda MLS Kubogynyň eýesi boldy. Futbolçynyň hasabynda ähli resmi ýaryşlarda 42 gol bolup, bu toparyň taryhynda Lionel Messiden (77 gol) soň ikinji görkezijidir.
Ozal Suares Urugwaýyň «Nasýonal», Braziliýanyň «Gremio», Niderlandlaryň «Aýaks» we «Groningen», Angliýanyň «Liwerpul», Ispaniýanyň «Barselona» we «Atletiko» klublarynda oýnady. Ol Niderlandlaryň çempiony, bäş gezek Ispaniýanyň çempiony bolup, dört gezek Ispaniýanyň Kubogyny, bir gezek Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy.
Urugwaýyň milli ýygyndysynyň düzüminde Suares 143 oýna gatnaşyp, 69 gol geçirdi we 39 assist etdi. 2011-nji ýylda hüjümçi milli topar bilen Amerikanyň Kubogyny utdy.


düýn 22:49
5.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.3k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......