IFFHS 2025-nji ýylyň iň gowy futbol tälimçilerini saýlady

  • 31.12.2025 08:30
  • 6.6k+

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) ýylyň iň gowy tälimçileriniň reýtingini hödürledi.

Klub derejesinde birinji orny 222 utuk bilen «Pari Sen-Žermeniň» halypasy Luis Enrike eýeledi. Ikinji orunda Enso Mareska («Çelsi», 60), üçünji orunda Hans-Diter Flik («Barselona», 57) ýerleşdi. Şeýle-de, bäşlige Wensan Kompani («Bawariýa», 42) we Mikel Arteta («Arsenal», 24) girdi.
Milli ýygyndylaryň baş tälimçileriniň sanawynda yzygider ikinji ýyl iň gowy tälimçi Luis de la Fuente (Ispaniýa) boldy. Ol 136 utuk gazandy. Onuň bilen birlikde bäşlikden Roberto Martines (Portugaliýa, 83), Lionel Skaloni (Argentina, 59), Stole Solbakken (Norwegiýa, 48) we Tomas Tuhel (Angliýa, 41) orun aldy.  


düýn 17:07
6.6k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.5k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....