«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi

  • 23.12.2025 19:27
  • 10k+

«Barselona» futbol kluby we «Barsa» gaznasy (Barca Foundation) agyr keselli çagalary we ýetginjekleri goldamaga gönükdirilen haýyr-sahawat Roždestwo kampaniýasyny geçirdi.

Maksatnama bejergi döwründe çagalara we olaryň maşgalalaryna emosional goldawy bermäge gönükdirilýär we Polseres Blaugrana («Gök-gyzyl bilezikler») taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.
Erkekler toparynyň oýunçylary we tälimçiler ştaby Barselona aglomerasiýasyndaky ýedi lukmançylyk edarasyna we üç sagaldyş hem dikeldiş merkezine bardy.


Lamin Ýamal, Pedri, Robert Lewandowski, Frenki de Ýong, Pau Kubarsi we toparyň beýleki oýunçylary çagalar bilen surata düşdi, olara sowgat we klubuň raýdaşlygynyň nyşanyna öwrülen gök-gyzyl bilezikleri berdi.
Lukmançylyk edaralary şeýle duşuşyklaryň bu oglanjyklar we gyzjagazlar üçin hakyky bejergi bolup, olara oňyn duýgulary başdan geçirmäge we duýmaga mümkinçilik berýändigini belleýär. Bu olara agyr lukmançylyk proseduralarynyň hötdesinden gelmäge kömek edýär we sagaldyş prosesine ýardam edýär.  


Şeýle-de, maksatnama lukmançylyk kömegini ynsanperwerleşdirmek we öýde palliatiw kömegi goldamak üçin Kataloniýanyň we beýleki ýurtlaryň pediatrik hassahanalary bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.
Futbolçylardan başga-da, ýylyň dowamynda şeýle aksiýalara «Barselonanyň» basketbol, gandbol, mini-futbol we roller-hokkeý toparlarynyň wekilleri-de gatnaşýar. 


düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....