«Bawariýanyň» 17 ýaşly oýunçysy 2 aýda 40 mln ýewro gymmatlady

  • 22.12.2025 12:23
  • 6.2k+

Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçi ýarymgoragçysy Lennar Karlyň bazar bahasy iki aýda 20 mln ýewrodan 60 mln ýewro ýetdi. Täzelenen baha nemes Bundesligasynyň iň gymmat oýunçylarynyň reýtingini düzen Transfermarkt portaly tarapyndan hödürlendi.

Karl 17 ýyl 10 aý ýaşynda. Ol 18 ýaşdan kiçi oýunçylaryň arasynda dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy.
Bu ýaş reýtinginde ikinji orny «PSŽ-niň» hüjümçisi Ibraim Mbaýe eýeledi. Onuň bahasy 25 mln ýewro diýlip hasaplanýar.
Karlyň bahasynyň ýokarlanmagy azyndan 2004-nji ýyldan bäri Bundesligada iň uly ösüş boldy. 2025-nji ýylyň iýunynda onuň bazar bahasy 1,5 mln ýewrody. Häzir ýarymgoragçy Germaniýanyň çempionatynyň iň gymmat oýunçylarynyň umumy reýtinginde ýedinji orny eýeleýär.

«Futbolçy birnäçe hepdede «Bawariýanyň» düzüminde ornuny eýeläp, özüni möwsümiň iň gyzykly oýunçylarynyň biri hökmünde görkezdi. Şeýle-de, ol Çempionlar ligasynda yzygider üç oýunda gol geçirdi – onuň ýaşynda bu hiç kime başartmandy» — diýip, Germaniýada Transfermarkt-yň baha koordinatory Tobias Kreger belledi.

Bundesliganyň iň gymmat oýunçylarynyň reýtinginde ilkinji ýedi orny «Bawariýanyň» futbolçylary eýeleýär. Klubuň iň gymmat oýunçylary 130 mln ýewro baha bilen Jamal Musiala we Maýkl Olise boldy. Luis Dias bilen Daýo Upamekanonyň bazar bahalary 70 mln ýewro.


düýn 17:07
7.2k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....