Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

  • 27.12.2025 10:49
  • 7.5k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar.

Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder. Oňa gapdal eminler Yhlas Kurambaýew we Ýusup Jumamyradow kömek ederler, ätiýaçdaky eminiň wezipesini bolsa Eziz Ýazmyradow ýerine ýetirer.
Garaşylýan duşuşyk Arkadag şäheriniň kubok ýaryşynyň finalyna eýeçilik edýän taryhdaky ikinji oýny bolar. Toparlar yzly-yzyna üçünji ýyldyr ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyrynda duşuşýarlar. Mundan ozalky iki finalda «Arkadag» topary 3:0 we 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy.
Ýarym final duşuşyklarynda «Ahal» topary «Şagadamy», «Arkadagyň» futbolçylary bolsa «Aşgabat» klubuny ýeňmegi başardylar.


düýn 23:00
2.3k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
3.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
3.2k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
8.1k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......