Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

  • 24.12.2025 10:25
  • 5.6k+

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi.

“Realyň” öňki ýyldyzy täze eseri bilen düşen suratyny paýlaşyp, onuň aşagynda "Öýe hoş geldiň" diýen ýazgyny galdyrdy.
RMC Sport neşiriniň belleýşi ýaly, Pikassonyň bu eseri ozal 2025-nji ýylyň başynda Nýu-Ýorkdaky sungat dilleri Helli Nahmadyň galereýasynda sergilenipdi. Eseriň anyk bahasy aýdylmady. Şol bir wagtyň özünde, auksionlarda Pikassonyň eserleriniň köplenç bir million ýewrodan hem ýokary bahalara satylýandygy mälimdir.
37 ýaşly Karim Benzema Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 97 oýunda çykyş edip, 37 gol geçirdi. 2022-nji ýylda ol dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde "Altyn top" baýragyny gazanypdy.


düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....