«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady

  • 29.12.2025 23:21
  • 19k+

«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi.
Hüjümçiniň aýtmagyna görä, haýyş klubdaky maliýe kynçylyklary bilen baglanyşyklydy.

«Men “Barselona” we ol ýerde işleýän adamlara uly hormat goýýaryn. Men klubdaky ýagdaýdan habarlydym. Klubuň bähbidine çözülmeli başga-da ýagdaýlar köpdi. Gysgaça aýdylanda, bu bonusdy we şol wagt “Barselonanyň” her bir ýewrony tygşytlaýandygy hemmelere mälimdi. Bu az pul däldi we meniň üçin bu hiç zady üýtgetmedi» — diýip, Lewandowski aýtdy.

Futbolçy bu haýyşyň oýnamaga päsgel bermändigini, ýöne gol geçirmelimi ýa-da geçirmeli däl diýip hemişe pikir edendigini belledi.
Şol wagta çenli «Barselona» Ispaniýada möhletinden ir çempionlygy gazanypdy, Lewandowski bolsa 23 gol bilen iň gowy bombardirleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Şertnamanyň şertlerine görä, 25 gola ýeten ýagdaýynda klub hüjümçä birnäçe million ýewro bonus tölemelidi.


düýn 19:10
3.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....