Kriştianu Ronaldu soňky 16 ýylda ilkinji gezek bir senenama ýylynda het-trik edip bilmedi

  • 02.01.2026 15:41
  • 14k+

«Al-Nasr» saud klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bir senenama ýylynyň dowamynda ýekeje-de het-trik etmedi. Tamamlanan 2025-nji ýylda portugaliýaly futbolçy resmi oýunlaryň hiç birinde üç we ondan köp gol geçirmedi diýip, Spor portaly ýazýar.

Şeýle ýagdaý Ronaldu üçin 2009-njy ýyldan, «Realyň» düzüminde oýnap başlan döwründen bäri ilkinji gezek boldy. Şeýle-de bolsa, 40 ýaşly futbolçy 2025-nji ýylda jemi 41 gol geçirdi. Geçen ýylda soňky gol Saud Arabystanynyň çempionatynyň myhmançylykdaky oýnunda «Al-Ittifak» toparynyň derwezesine girizildi. Şol oýun 2:2 hasabynda tamamlandy.
Kriştianu Ronaldu köp titulyň eýesi bolup, Çempionlar ligasynda bäş ýeňiş gazandy, Ýewropa çempionatynyň altyn medalyny we Milletler ligasynyň iki kubogyny utdy. Ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň gowy bombardir adyny saklaýar. Hüjümçi «Al-Nasra» 2022-nji ýylyň dekabrynda geçdi. Ozal Ronaldu Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda we Madridiň «Realynda» oýnady.


düýn 17:07
7.4k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....