Messi we Ronaldu ýok: Transfermarkt 30 ýaşdan ýokary iň gymmat 10 oýunçyny aýtdy

  • 22.12.2025 12:08
  • 8.8k+

Transfermarkt portaly dünýäniň 30 ýaşdan ýokary iň gymmat on futbolçysynyň täzelenen reýtingini hödürledi.

Sanawda öňdebaryjy Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçisi Garri Keýn boldy. 32 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 65 mln ýewro diýlip hasaplanýar.
Ikinji orny Keýniň klubdaşy – germaniýaly ýarymgoragçy Ýozua Kimmih eýeledi. Ol ýakynda 30 ýaşyny doldurdy, onuň bahasy bolsa 40 mln ýewro barabar. «Mançester Ýunaýtedde» çykyş edýän 31 ýaşly portugaliýaly hawbek Brunu Fernandeş hem şeýle bahalandyrylýar.
Doly reýting aşakdaky görnüşde:

  1. Garri Keýn («Bawariýa», 32 ýaş) — € 65 mln.
  2. Ýozua Kimmih («Bawariýa», 30 ýaş) — € 40 mln.
  3. Brunu Fernandeş («Mançester Ýunaýted», 31 ýaş) — € 40 mln.
  4. Dawid Raýýa («Arsenal», 30 ýaş) — € 35 mln.
  5. Markinýos («PSŽ», 31 ýaş) — € 30 mln.
  6. Mohamed Salah («Liwerpul», 33 ýaş) — € 30 mln.
  7. Andre Zambo Angissa («Napoli», 30 ýaş) — € 27 mln.
  8. Bernardu Silwa («Mançester Siti», 31 ýaş) — € 27 mln.
  9. Žoau Palinýa («Tottenhem Hotspur», 30 ýaş) — € 25 mln.
  10. Jek Griliş («Ewerton», 30 ýaş) — € 25 mln.

Belläp geçsek, ýyldyz hüjümçiler Lionel Messi (€ 15 mln) we portugaliýaly Kriştianu Ronaldu (€ 12 mln) reýtinge girmedi. 


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....