5.2k+

«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi

Fransiýanyň “Monako” futbol kluby 32 ýaşly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnama baglaşandygyny resmi web sahypasynda habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Pogba futbol karýerasyna Parižiň “Ruassi-an-Bri” we “Torsi” atly höwesjeňler klublarynda başlady...

5.5k+

Saparmyrat Atabaýew UzChess Cup halkara küşt ýaryşynda 1-nji orny eýeledi

Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen UzChess Cup halkara küşt ýaryşynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Futures toparynyň grossmeýsteri mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk toplap, goşmaça görkezijiler (Koneborn-Berger) we şahsy duşuşyklardaky netijeleriň hasabyna ýaryşyň umumy sanawynda birinji orna çykdy...

1.4k+

Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

28-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşdy...

17k+

Gurbanguly Berdimuhamedow taekwondonyň dokuzynjy danyny aldy

Koreýanyň Taekwondo Federasiýasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul etdi. Bu barada ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co...

6k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

28-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D...

3.9k+

Xiaomi täze eplenýän Mix Flip 2 smartfonyny tanyşdyrdy

Xiaomi ikinji nesil eplenýän smartfony Mix Flip 2-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjam täzelenen dizaýn, Dragon Bone atly şarnir we 5165 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu şeýle batareýa ornaşdyrylan ilkinji eplenýän smartfondyr...

5.5k+

Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň bazarlary üçin niýetlenen ilkinji krossoweri bolan YU7 modeliniň satuwyna başlady. Elektromobil dürli herekete getiriş ulgamlary we akkumulýatorlary bilen üç görnüşde hödürlenýär. Bahalary 253 500-den 329 900 ýuana çenli aralykda (takmynan, 35400-den 46000 dollara çenli) üýtgeýär...

8k+

Bloger-boksçy Jeýk Pol WBC-iň öňki dünýä çempiony Çawes-kiçini ýeňdi

29-njy iýunda Anahaým şäherinde (Kaliforniýa, ABŞ) professional boks agşamy geçirilip, onuň esasy wakasy ilkinji agyr agram derejedäki 10 raundlyk reýting söweşi boldy. Ringe amerikaly bloger we professional boksçy Jeýk Pol bilen orta agram boýunça WBC-niň öňki dünýä çempiony, meksikaly Hulio Sezar Çawes-kiçi çykdy...

2.4k+

«Stiw Jobs» filminiň ssenaristi Mark Sukerberg baradaky filmiň dowamyny düşürer

«Ähli zady üýtgeden adam» («Человек, который изменил все») we «Stiw Jobs» «(Стив Джобс») filmleriniň ssenaristi Aaron Sorkin «Sosial ulgam» («Социальная сеть») filminiň dowamyny döretmek bilen meşgullanýar. Deadline neşiriniň maglumatyna görä, ol täze filmiň diňe bir ssenarisiniň ýazary bolman, eýsem režissýory hem bolar...

6.2k+

Ýantar daşynda ýaşy 40 million ýyla golaý bolan gadymy tarakan tapyldy

Kaliningraddaky “Ýantar kombinatynda” (RF-niň “Rosteh” döwlet korporasiýasyna degişli) 35–40 million ýyl mundan ozalky döwre degişli gadymy ýabany tarakan saklanýan täsin ýantar daşy tapyldy. Bu seýrek duş gelýän inklýuziýa 2-nji awgustda Moskwada geçiriljek AmberForum’25 halkara forumynyň çäklerinde guraljak täsin ýantarlar auksionynda esasy lotlaryň biri bolar...

1.2k+

Režissýor Dag Laýman Stiwen Kingiň meşhur «Garşy durmak» romanyny ekranlaşdyrar

Amerikaly režissýor Dag Laýman meşhur ýazyjy Stiwen Kingiň “Garşy durmak” (The Stand) atly apokaliptik romany esasynda doly metražly film döretmäge girişdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Täze ekranizasiýa Paramount Pictures we Cross Creek Pictures studiýalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanýar...

5.6k+

Gaýtadan işlenen plastik gormonal ulgam üçin zyýanly bolup çykdy

Plastik çökgünligine çözgüt gözläp, köp ýurtlar soňky onlarça ýylyň dowamynda plastikleri gaýtadan işlemäge aýratyn üns berdiler. Emma täze barlaglar bu usulyň hem howpsuz däldigini görkezýär. Nemes alymlarynyň geçiren ylmy işi Journal of Hazardous Materials žurnalynda neşir edilip, gaýtadan işlenen plastigiň janly organizmlere ýaramaz täsir ýetirip bilýändigini görkezdi...

6.8k+

Medeniýet hepdeligi — 2025 baýramçylyk konserti bilen jemlendi

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy...

7.8k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy...

8.5k+

Aý raketasy üçin döredilen täze gaty ýangyçly tizlendiriji synag wagty partlady

26-njy iýunda Northrop Grumman kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky synag meýdançasynda «Artemis IX» Aý missiýasy üçin niýetlenen SLS raketasynyň täze gaty ýangyçly tizlendirijisiniň synagy geçirildi. Işe girizilmeginden iki minut hem geçmänkä we otlaýyş prosesiniň tamamlanmagyna on sekunt galanda, enjamyň soplosy döwlüp, ýangyn döredi...