«Stiw Jobs» filminiň ssenaristi Mark Sukerberg baradaky filmiň dowamyny düşürer

  • 29.06.2025 13:35
  • 2.9k+

«Ähli zady üýtgeden adam» («Человек, который изменил все») we «Stiw Jobs» «(Стив Джобс») filmleriniň ssenaristi Aaron Sorkin «Sosial ulgam» («Социальная сеть») filminiň dowamyny döretmek bilen meşgullanýar. Deadline neşiriniň maglumatyna görä, ol täze filmiň diňe bir ssenarisiniň ýazary bolman, eýsem režissýory hem bolar.

Täze taslama gönüden-göni dowam bolman, 2010-njy ýylda çykan ilkinji filme goşmaça hökmünde görkezilýär. Esasy üns merkezinde Facebook-yň döreýşi we dünýä derejesindäki media platformasyna öwrülişi durýar.
Prodýuserler hökmünde Aaron Sorkin, Todd Black («Alamat»), Piter Rais («28 ýyl soň») we Stýuart Besser («Uly oýun») çykyş ederler.
Ssenariniň esasynda The Wall Street Journal neşirinde 2021-nji ýylda çap edilen The Facebook Files atly žurnalistik makalalar toplumy durýar. Ol makalalaryň awtory Jeff Horowitz kompaniýanyň içki iş proseslerini we jemgyýete ýetirýän zyýanlaryny açyp görkezýär.
«Sosial ulgam» 2010-njy ýylda çykdy. Filmiň režissýory Dewid Finçer bolup, ssenarisini Sorkin ýazdy. Ol film Ben Mezriçiň «Milliarder bolmaga mejbur bolanlar» atly kitaby esasynda döredildi. Film dünýä boýunça $226 million girdeji gazanyp, «Oskar» baýragynyň 8 nominasiýasynyň 3-sini ýeňip aldy.
Sorkin ozal hem Facebook-yň taryhyna dolanmak islegini bildiripdi, ýöne laýyk material tapmandy. 2020-nji ýylyň ýanwarynda bolup geçen Kapitoliý wakalaryndan soň, ol sosial ulgamyň syýasatda oýnaýan roluny öwrenmek isleýändigini aýtdy. Indi bolsa Sorkin bu taslamada Facebook-yň ýetginjeklere edýän täsiri we zorlugyň derejesi bilen baglanyşygyny hem açyp görkezmegi maksat edinýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......