ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

  • 28.06.2025 13:15
  • 8.7k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy.

Näsag 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri kömekçi enjamlar bilen ýaşaýardy. 2025-nji ýylyň martynda hirurglar oňa robotdan peýdalanyp ýürek oturtdylar. Bu robot el bilen — joýstik we pedal arkaly dolandyrylýar. Adaty operasiýada bolşy ýaly, döş süňküni kesmegiň deregine, hirurgiýa garnyň aşagyndaky ownuk kesilme arkaly amala aşyryldy. Ulgam ýokary takyklyk üçin 3D kamera bilen enjamlaşdyryldy.
Operasiýadan bir aý soň näsag öýüne çykaryldy we fiziki işjeňligine gaýdyp geldi. Operasiýany geçiren baş hirurg Kennet Liaonyň aýtmagyna görä, robotlaşdyrylan usul "döş boşlugynyň bitewiligini saklaýar, ýokuşma howpuny azaldýar we sagalmagy çaltlaşdyrýar".

Bu operasiýa ABŞ-da ilkinji gezek geçirildi. 2024-nji ýylda şeýle usul Saud Arabystanynda 16 ýaşly ýetginjege ýürek oturtmak üçin ulanylypdy.
Täze çemeleşme robototehnikanyň takyklygyny häzirki zaman lukmançylygynyň iň çylşyrymly amallarynyň biri bilen birleşdirip, kardiologiýa hirurgiýasynyň ösüşinde möhüm ädim bolup biler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......