Aý raketasy üçin döredilen täze gaty ýangyçly tizlendiriji synag wagty partlady

  • 28.06.2025 12:42
  • 9.4k+

26-njy iýunda Northrop Grumman kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky synag meýdançasynda «Artemis IX» Aý missiýasy üçin niýetlenen SLS raketasynyň täze gaty ýangyçly tizlendirijisiniň synagy geçirildi. Işe girizilmeginden iki minut hem geçmänkä we otlaýyş prosesiniň tamamlanmagyna on sekunt galanda, enjamyň soplosy döwlüp, ýangyn döredi.

Tizlendirijiniň özi partlamady we işlemegini dowam etdirdi.
Bu synag BOLE (Booster Obsolescence and Life Extension) maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu maksatnama SLS (Space Launch System) raketa göterijileri üçin kämilleşdirilen tizlendirijileri döretmegi maksat edinýär. Täze görnüşli tizlendirijiler NASA-nyň öňki missiýalarynda ulanylan köne wersiýalaryň ýerine geçer.
Maglumatlara görä, bu soňky ýyllarda Northrop Grumman tarapyndan taýýarlanan tizlendirijilerde soplonyň döwülmegi bilen baglanyşykly ýüze çykan üçünji hadysadyr.
Häzirki wagtda bu wakanyň uzak möhletleýin netijelere getirip-getirmejegi belli däl. NASA-nyň häzirki býujeti «Artemis III» missiýasyndan soň SLS raketasyny ulanmakdan ýüz öwürmegi we has arzan göterijilere geçmegi göz öňünde tutýar. Umuman, ýüze çykan waka, ýagny soplonyň döwülmegi bu örän gymmat raketadan el çekmek üçin goşmaça sebäp hökmünde hem ulanylyp bilner.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......