Nissan Ýakyn Gündogar üçin taryhynda iň güýçli Patrol-y çykardy

  • 29.06.2025 12:44
  • 7.4k+

Nissan kompaniýasy meşhur Patrol awtoulagynyň iň güýçli görnüşini — 2025-nji ýylyň Nismo modifikasiýasyny tanyşdyrdy. Täze model Dubaýda geçirilen ýörite çärede görkezildi, bu ýerde şeýle awtoulaglara isleg aýratyn ýokary.

Kompaniýanyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, awtoulag öňküsi ýaly 3,5 litrlik, iki turbinaly V6 motor bilen enjamlaşdyryldy, emma onuň güýji 425 at güýjünden 495 at güýjüne çenli ýokarlandyryldy. Bu bolsa ony taryhda iň güýçli Patrol edýär. Şeýle-de bolsa, iň ýokary aýlanma pursaty ozalkysy ýaly galdy — 700 N·m. Şeýle hem ulaga täze, has batly ses edýän tüsse çykar ulgamy ornaşdyryldy.
Täze modelde 9 basgançakly awtomat görnüşli täzeleşdirilen geçiriş gutusy, sazlanan dolandyryş ulgamy we pnewmatik asma (podweskasy) peýda boldy. Mundan başga-da, täze uýgunlaşdyrylan amortizatorlar gurlupdyr.

Ulagyň daşky görnüşi hem täzelenipdir: täze radiator gözenegi, güýçli bamperler, giňeldilen teker arkalary, 22 dýuýmlyk RAYS öndürijisinden bolan guýma tekerler we üçek spoýleri bilen tapawutlanýar. Kuzowda gyzyl reňkde bezeg elementleri peýda bolupdyr. Ýol görkezijiligi 195 mm çenli peseldilipdir.

Salon gyzyl-gara reňklerde bezelen bolup, deri we alkantara bilen örtülendir. Öň oturgyçlar sport görnüşlidir.
Täze modeliň bahasy entek aýan edilmedi, emma kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ol $100 müňden ýokary bolar. Satuw iýul aýynda başlanar. Bu model diňe Ýakyn Gündogar ýurtlarynda satuwa çykarylar, beýleki sebitlerde hödürlenmez.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....