Režissýor Dag Laýman Stiwen Kingiň meşhur «Garşy durmak» romanyny ekranlaşdyrar

  • 29.06.2025 13:20
  • 1.7k+

Amerikaly režissýor Dag Laýman meşhur ýazyjy Stiwen Kingiň “Garşy durmak” (The Stand) atly apokaliptik romany esasynda doly metražly film döretmäge girişdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Täze ekranizasiýa Paramount Pictures we Cross Creek Pictures studiýalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanýar. Dag Laýman diňe bir režissýor hökmünde däl, eýsem, prodýuser hökmünde hem çykyş eder. Onuň bilen bilelikde Taýler Tompson hem prodýuserlik edýär. Häzirki wagtda film boýunça ssenariý ýazýan ýa-da baş keşpleri ýerine ýetirmegi meýilleşdirilýän aktýorlar barada maglumat berilmedi.

Apokalipsis we adamzadyň täze başlangyjy

Stiwen Kingiň “Garşy durmak” romany tutuş adamzady diýen ýaly ýok eden “super-gripp” ýokanç keseli barada gürrüň berýär. Epidemiýa 19 günde dünýäniň ilatynyň aglaba bölegini ýok edýär. Ýaşaýan az sanly adamlar bolsa iki garşylykly topara bölünip, täze jemgyýeti döretmek ugrunda göreşe başlaýarlar.
Romanyň öňki ekranizasiýalary mini-serial görnüşinde çykypdy: ilkinji gezek 1994-nji ýylda ABC telekanalynda, ikinji gezek bolsa 2020-nji ýylda CBS All Access platformasynda görkezildi. Şeýle hem, 2008–2012 ýyllar aralygynda Marvel bu eser esasynda komiks tapgyryny neşir etdi, suratlandyrmalar bolsa Maýk Perkinsiň ýerine ýetirmeginde bolupdy.

Kingiň iň uly eseri we onuň täsiri

“Garşy durmak” Kingiň iň giň göwrümli eseri hasaplanýar. Romanyň dünýä boýunça 4,5 milliondan gowrak nusgasy satyldy. Şeýle uly ähmiýete eýe bolmagy onuň yzygiderli kino düşürilmeginiň esasy sebäpleriniň biridir.
Golliwudda Stiwen Kingiň eserlerine bolan gyzyklanmasoňky wagtlarda asla peselmeýär. 2025-nji ýylyň mart aýynda Netflix platformasynyň Kingiň “Kujo” (Cujo) atly romany esasynda film surata düşürjekdigi mälim edildi. Şeýle hem 6-njy iýunda “Çagyň ömri” (Life of Chuck) atly film tomaşaçylara ýetirildi, onda baş keşbi Tom Hiddlston ýerine ýetirýär. Iýulda bolsa MGM+ platformasynda “Institut” atly serialyň premýerasy bolar — bu serialda adatdan daşary ukyby bolan oglanjygyň ýitirim bolmagy we soňra ýörite edarada zor bilen saklanylmagy gürrüň berilýär.

Dag Laýman kim?

Dag Laýman ekşen žanryndaky birnäçe meşhur filmleriň režissýory hökmünde tanalýar. Ol “Bornuň tanalmagy” (The Bourne Identity), “Geljegiň gyrasynda” (Edge of Tomorrow), “Amerikada ýasalan” (American Made) we “Mister we Missis Smit” (Mr. & Mrs. Smith) ýaly taslamalar bilen tanalýar. 2024-nji ýylda ol “Ýol boýundaky öý” (Road House) atly film bilen çykyş edipdi, baş keşpleri bolsa Jeýk Jillenhol we UFC söweşijisi Konor Makgregor ýerine ýetirdi. Şeýle hem “Başlaýjylar” (The Instigators) atly komediýa-detektiw filmi bilen hem tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdi.
Täze film “Garşy durmak” boýunça ilkinji doly metražly ekranizasiýa bolup, Stiwen Kingiň döredijiliginiň täzeçe we has çuň teswirlenmegini wada berýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......