Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 29.06.2025 17:43
  • 6.9k+

28-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Maslahatyň barşynda D.Orazow türkmen halkynyň Milli Liderinden Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini haýyş etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri
täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler we olaryň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ýüzlerçe maşgalalaryna ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ahalteke atlar şaýolunyň, Arkadag şäher seýilgähiniň, metjidiň girelgesiniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň aýratynlyklaryna, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak sütünleriň, oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi.
Taslamalar we gurulmagy teklip edilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýtdy we ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, seýilgähde adamlaryň doly derejede dynç alyp bilmekleri, bu ýerde çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň çäklerindäki ähli desgalaryň, oturgyçlaryň we bassyrmalaryň arassaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy.
Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän suw çüwdürimleri, olaryň howdanlarynyň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi.
Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzda milli senetkärçiligiň ýokary derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan küýzegärlik hünärine degişli önümleriň birnäçe görnüşleri görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalaryň milli neçjarçylyk, küýzegärlik däplerine esaslanýan usullaryň netijeli peýdalanylýandygyny belläp, bu ugurlaryň geljek nesiller üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde öňde boljak şanly seneleriň hormatyna gelin-gyzlarymyzyň el işlerine degişli serginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......