Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 30.06.2025 08:50
  • 5k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, Özbegistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Döwletara gatnaşyklar açyklygy, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär.
Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli dialog ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyny aýratyn nygtap, munuň üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......