Türkmenistanyň dünýä dilleri instituty Koreýa Respublikasynyň uniwersiteti bilen Ähtnama gol çekişdi

  • 29.06.2025 15:30
  • 4.4k+

25-nji iýunda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen çäräniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekilen bu resminama Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry bolup, onuň esasy maksady Taraplaryň arasynda bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Ähtnamanyň çäginde Taraplar bilim maksatnamalarynyň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen özara iş tejribesini we resminamalary alyşmak, bilim pudagyndaky bilelikdäki bilim we ylym maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, okuw, hünär derejesini ýokarlandyryş, ylym hem-de bilim işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem halkara akademiki alyş-çalşygyň çäginde Taraplaryň talyplaryny, mugallymlaryny we ylmy-barlag işgärlerini hyzmatdaş ýokary okuw mekdebine ibermek, bilelikde ylmy barlaglary alyp barmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp barmak barada düşünişmegi gazandylar.

26-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy institutyň koreý dili kafedrasyna koreý dili boýunça 55 sany okuw kitabyny we 2 kitap şkafyny sowgat berdi. Şeýle hem ilçihana Türkmenistanyň Maglumat merkezine 66 kitap tabşyrdy.
Sowgatlary gowşurmak dabarasyna Koreýanyň ilçihanasynyň ikinji sekretary hanym Çe Minkýong ýolbaşçylyk etdi. Çärä iki edaranyň wekilleri gatnaşdy.
Sowgat berlen kitaplar başlangyçdan ýokary derejä çenli ähli derejesini öz içine alyp, dilleriň dört ukybynyň — dilden gürlemek, ýazmak, diňlemek we okamak — ösdürilmegine gönükdirilendir.
Taraplar medeni we bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdiler.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......