Repçi Stormzi talyplary goldandygy üçin Kembrijiň hormatly doktorlyk derejesini aldy

  • 28.06.2025 12:49
  • 3.8k+

Kembrij uniwersiteti britaniýaly repçi Stormzä (Stormzy) hukuk boýunça hormatly doktorlyk derejesini berdi. Uniwersitet onuň ýokary okuw mekdebine girmekçi bolýan talyplara goldaw bermekde goşan goşandyny ykrar etdi diýip, The Guardian habar berýär.

Sazanda 2018-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýadaky garaýagyz talyplara maliýe kömegini berýän stipendiýa meýilnamasyny durmuşa geçirýändigi üçin hukuk boýunça doktorlyk derejesini aldy. Stormziniň öz #Merky Foundation gaznasy we HSBC UK banky tarapyndan maliýeleşdirilýän başlangyjy esasynda 56 adam Kembrijde doly okuw tölegini we ýaşaýyş jaýyny aldy.

"Stormziniň stipendiýasy özgerdiji täsirini ýetirdi we biz bu derejäni bermek bilen, onuň işini ykrar edendigimize buýsanýarys" - diýip, Kembrijiň rektory Debora Prentis belledi.

Bu artistiň birinji haýyr-sahawat taslamasy däl. Ol garaýagyz britan ýazyjylaryny wagyz edýän #Merky Books neşirýatyny hem esaslandyrdy. Şeýle hem repçi “jemgyýetçilik aktiwi” hökmünde ösdürmegi meýilleşdirip, AFC-nyň Günorta Londondaky Croydon Athletic futbol klubyny satyn aldy.
Kembrijiň hormatly derejesi Stormziniň alan eýýäm ikinji sylagydyr. 2022-nji ýylda Ekseter uniwersiteti tarapyndan "haýyr-sahawat ugrunda we ýokary bilime elýeterliligi giňeltmekde gazanan üstünlikleri" üçin şuňa meňzeş baýrak bilen sylaglanypdy.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.3k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......