Gaýtadan işlenen plastik gormonal ulgam üçin zyýanly bolup çykdy

  • 29.06.2025 13:10
  • 6.3k+

Plastik çökgünligine çözgüt gözläp, köp ýurtlar soňky onlarça ýylyň dowamynda plastikleri gaýtadan işlemäge aýratyn üns berdiler. Emma täze barlaglar bu usulyň hem howpsuz däldigini görkezýär. Nemes alymlarynyň geçiren ylmy işi Journal of Hazardous Materials žurnalynda neşir edilip, gaýtadan işlenen plastigiň janly organizmlere ýaramaz täsir ýetirip bilýändigini görkezdi.

Barlag nähili geçdi?

Barlagda alymlar gaýtadan işlenen polietileniň granulalaryny 48 sagatlap suwda sakladylar. Soňra şol suwa biologik barlaglarda giňden ulanylýan dänio-rerion balyklarynyň embrionlaryny ýerleşdirdiler. Balyk embrionlary bu suwda 120 sagatlap (takmynan 5 gün) ýaşady.
Netijede, balyklarda gormonal ulgama, esasan hem tireoid gormony bolan tiroksiniň işlenip çykmagyna jogapkär genleriň işjeňliginiň artandygy (gen ekspressiýasy) ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, olaryň kök öýjükleriniň ýag öýjügine (adiposit) öwrülmek derejesi hem artdy. Bu fiziologik üýtgeşmeler diňe 5 günlük täsirlenmeden soň ýüze çykdy.
Şeýle-de bolsa, balyklaryň hereketleriniň işjeňligini barlamak üçin geçirilen barlaglarda möhüm özgerişlik tapylmady.

Plastiň düzümi — zäherli maddalar bilen baý

Mass-spektrometriýa arkaly alymlar suwdan plastmassadan çykan 84 sany himiki birleşmäni tapdylar. Olaryň arasynda zenan jyns gormonlaryna meňzeýän plastifikatorlar, şeýle hem dermanlaryň we pestisidleriň galyndylary bardy. Alymlar bu zäherli maddalaryň plastigiň ýygnalyş, arassalaýyş ýa-da önümçilik tapgyrlarynyň birinde plastmassyň düzümine girendigini çaklaýarlar.
Barlagyň ýolbaşçysy Azora Köneg Kardgar şeýle belleýär:

“Plastigiň suw bilen gysga aragatnaşygyndan soň hem şeýle güýçli täsirleriň ýüze çykmagy onuň janly jandarlara howpludygynyň ýene bir subutnamasydyr. Biziň bellän fiziki we gormonal üýtgeşmelerimiz dänio-rerionyň saglygyna täsir edip biler”.

Has giň gerimli howp

Bu netije ozalky barlaglar bilen hem utgaşýar. Olar plastik komponentleriniň testosteronyň derejesine we adamlaryň köpelijilik ukybyna ýaramaz täsir ýetirýändigini görkezýär. Naked Science neşiriniň ýazmagyna görä, 1970-nji ýyllardan bäri adamda testosteronyň ýylsaýyn 1% peselýändigi, bu ýagdaýyň fiziki güýjüň azalmagyna hem sebäp bolýandygy bellenilýär. Häzirki zaman oglanlarynyň güýji 1970-nji ýyllaryň gyzlarynyň derejesine ýetýär. Şeýle hem erkekleriň tohum öýjügiň aktiwliginiň hem peselýändigi aýdylýar.

Netije: berk gözegçilik zerur

Alymlar gaýtadan işlenen plastigiň himiki düzümine has berk gözegçilik girizmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Bu, esasanam, iýmit we derman gaplamalary üçin ulanylanda şeýledir.


düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......