Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering” korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady

  • 30.06.2025 08:46
  • 3.7k+

29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. “Toyo Engineering” korporasiýasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Serdar Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......