Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen gutlady

  • 29.06.2025 15:56
  • 10k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli watandaşlaryny gutlady.

"Pursatdan peýdalanyp, Sizi sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheri döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny alamatlandyrýar" diýlip, gutlagda aýdylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlagynda ynsanyň adynyň üç zat: ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýandygyny belleýär.

"Arkadag şäheri hem – mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazylan kämil sungat eseridir;
Arkadag şäheri – milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasydyr;
Arkadag şäheri – gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigaty bilen sazlaşýan, ynsan eli bilen döredilen gözelligiň ajaýyp beýanydyr;
Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen, raýatlarymyzyň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa, her bir adamyny, maşgalany goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygyny görkezýär" - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Täze şäheriň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açyldy. Onda jemi 336 sany döwrebap desga guruldy. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Gurluşygyň bu tapgyrynda hem ýene-de ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçilikli desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup, 2027-nji ýylda ulanmaga berler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, täze tapgyrda gurulýan desgalar, ýaşaýyş jaýlary şäheriň birinji tapgyryndakylar bilen sazlaşyp, olaryň üstüni ýetirer. Bu tapgyrda her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, şeýle-de 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si bina edilýär. Täze gurulýan 72 sany iki öýli, iki gatly kottejler toplumy hem olar bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Umuman, häzirki wagtda bu ýerde 180-den gowrak ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Bu binalara hem «akylly» öý tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Ýaşaýjylaryň ähli durmuş zerurlyklary göz öňünde tutulyp, bilim-terbiýeçilik, söwda, hyzmat we beýleki maksatly desgalar ýaşaýyş toplumlaryna ýakyn aralykda ýerleşdirilendir. «Akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binalary, awtomenzil, demir ýol menzili, Çeper halyçylyk kärhanasy, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi, seýilgähler, söwda we hyzmat ediş toplumy bina ediler.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....