Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen gutlady

  • 28.06.2025 17:17
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy şäheriň ýaşaýjylaryny gutlady. Döwlet Baştutany Arkadag şäheriniň "Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülendigini" belleýär.

"Okgunly ösüşlerimiziň hem-de täze taryhy döwrümiziň nyşany bolan Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki hem-de geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Ol dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Şäherde gurlan ähli binalar we desgalar, ilata hödürlenilýän hyzmatlar, onuň ekologiýa derejesi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna hem-de halkara tejribelere laýyk gelýär" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Geçen iki ýylyň dowamynda Arkadag şäherine «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri, ekologiýa derejesi boýunça ýokary görkezijilerini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň hem-de sylaglaryň birnäçesi gowşuryldy.
Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherinde «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär.
Täze şäheriň 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açylan birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga guruldy. Onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik toplumlary bilen bir hatarda, esasan, durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary dowam edýär. Şundan ugur alnyp, Arkadag innowasion polisiniň ikinji tapgyrynda adamlaryň oňaýly ýaşamagyna, dynç almagyna, aňrybaş döwrebap derejede ekogurşawyň, sagdyn we howpsuz şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, täze tapgyrda gurulýan desgalar, ýaşaýyş jaýlary şäheriň birinji tapgyryndakylar bilen sazlaşyp, olaryň üstüni ýetirer. Bu tapgyrda her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, şeýle-de 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si bina edilýär. Täze gurulýan 72 sany iki öýli, iki gatly kottejler toplumy hem olar bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Umuman, häzirki wagtda bu ýerde 180-den gowrak ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Bu binalara hem «akylly» öý tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Ýaşaýjylaryň ähli durmuş zerurlyklary göz öňünde tutulyp, bilim-terbiýeçilik, söwda, hyzmat we beýleki maksatly desgalar ýaşaýyş toplumlaryna ýakyn aralykda ýerleşdirilendir. «Akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binalary, awtomenzil, demir ýol menzili, Çeper halyçylyk kärhanasy, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi, seýilgähler, söwda we hyzmat ediş toplumy bina ediler.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......