Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

  • 30.06.2025 08:22
  • 2k+

28-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar nebit-gaz we gaz-himiýa senagaty, ulag, oba hojalygy, elektrik energiýasy, ekologiýa ýaly ugurlarda Türkmenistan bilen ýapon kompaniýalarynyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......