Serdar Berdimuhamedow "Daewoo" kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

  • 29.06.2025 17:55
  • 4.6k+

28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň gerimli işleri alyp barýarlar hem-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýarlar. «Daewoo» kompaniýasy hem ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.
Häzirki wagtda himiýa senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Içerki çig mallardan milli ykdysadyýetimiz üçin zerur bolan, şeýle hem eksporta niýetlenen himiýa önümlerini öndürmek pudagyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

– “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşyldy. Bu bolsa, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny görkezýär diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine bu taslamany amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Işewür geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......