Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

  • 29.06.2025 12:54
  • 4.6k+

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar.

Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar. Bu adamyň bedeniň sowamagy üçin der çykaryşy bilen meňzeş mehanizmdir. Şeýle usul, adaty sowadyş usullarynyň netijeliligini peseldýän tropik klimatda aýratyn täsirli bolýar.
Adaty Gün şöhlelerini gaýtaryjy boýaglardan tapawutlylykda, bu sement esasly boýag üç sany mehanizmi birleşdirýär: Gün şöhlesini gaýtaryş, ýylylygy sowmak we buglandyryjy sowadyş. Boýagyň gözenekli gurluşy nemligi siňdirip, soňra ýuwaşdan buglandyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa üstüň we töwerekdäki howanyň temperaturasyny peseldýär.
Iki ýyl dowam eden synag döwründe Singapurda ýaşaýyş jaýlarynda üç dürli görnüşdäki boýag ulanyldy. Singapurly hünärmenleriň öndüren boýagy kondisioner üçin energiýa sarp edilişini 30–40% azaldyp bildi. Ol 88–92% Gün şöhlesini gaýtaryp, buglandyryjy häsiýetini saklamagy başardy. Iki ýyldan soň diňe şu boýag aklygyny saklap galdy — sebäbi onuň düzümindäki nano-ýagtylyk gaýtaryjy bölejikler ony güne we çyglylyga çydamly edýär.
Bu innowasiýa, esasanam, Aziýada we Ýakyn Gündogarda megapolislere mahsus ýylylyk adasy effektine garşy göreşde peýdaly bolup biler. Alymlar tarapyndan eýýäm uly gyzyklanma döredýär.


düýn 10:51
805

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......