Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen täze taslamalar barada pikir alyşdy

  • 29.06.2025 18:37
  • 5.7k+

28-nji iýunda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada bilen duşuşdy diýip, TDH agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmegi daşary ykdysady syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitleýär. Şunda ýurdumyz ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýokary derejede alnyp barylýar, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklar bolsa, hil taýdan täze derejä çykarylyp, dürli ulgamlarda üstünlikler gazanylýar. 
Ýapon kompaniýalary ýurdumyzda senagat toplumlarynyň gurluşygy boýunça iri taslamalary amala aşyrmakda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, “Kawasaki” kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu kompaniýa Türkmenistanda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we işewür geljekki täze taslamalar barada pikir alyşdylar.
Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň “Kawasaki” kompaniýasynyň innowasion taslamalar babatda tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän mümkinçilikler we şertler üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......