Xiaomi SU7 Ultra Nýurburgring ýaryş ýolunyň iň çalt üç awtoulagynyň hataryna girdi

  • 28.06.2025 14:51
  • 4.9k+

Xiaomi Hytaýda SU7 Ultra supersedanynyň çäkli ýaryş wersiýasyny – Nýurburgring Limited Track Edition modelini hödürledi. Bu model bary-ýogy 100 nusgada öndüriler.

Bu modeliň synag nusgasy Nýurburgring ýaryş ýoluny 6 minut 22,091 sekuntda geçdi. Bu netijesi bilen ol Mercedes-AMG One modelinden (6 minut 29,09 sekunt) öňe geçip, ýoluň taryhyndaky iň çalt üç awtoulagyň hataryna girdi.
Awtoulagyň güýç ulgamy öňküligine galýar – 1548 at güýji we 1770 Nm tork. Adaty görnüşinden tapawutlylykda, ýaryş wersiýasynda doly güýç hemişe açyk bolýar. Asma ulgamynda Bilstein Evo R koýlowerler ulanylýar, Pirelli-niň ýaryş tekerleri we Endless tormozlary gurnalan. Aerodinamikasy hem kämilleşdirilen: täze kapot, arka ganat (spoýler) we aşaky paneller bilen üpjün edilen. Salonynda bolsa, Sparco-nyň karbon oturgyçlary, alty nokatly howpsuzlyk kemerleri we ýarym karkasly gorag ulgamy bar.
2025-nji ýylda bu awtoulagdan 10 sanysyny çykarmak meýilleşdirilýär. Her biriniň bahasy 814900 ýuan (113,6 müň dollar) bolar. Mundan ozal, modifikasiýalar üçin, takmynan, 100 müň ýuan (13,9 müň dollar) goşmaça töleg göz öňünde tutulýardy. Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýunyň sözlerine görä, şol möçber bilen çäkli görnüşiň enjamlarynyň bir bölegini öz içine alýan «Track Professional» atly toplum satyn alynyp bilner. Şol toplum bilen enjamlaşdyrylan adaty SU7 Ultra modeliniň bahasy 629900 ýuan (87,8 müň dollar) bolar.
Şeýlelikde, Xiaomi brendi Nýurburgringiň rekord goýujylarynyň sanawynda indi üçünji orny eýeleýär – Porsche-den (5 minut 19,546 sekunt) we Volkswagen-den (6 minut 5,336 sekunt) soň. Bu üstünlik bilen baglylykda, ýoluň 12-nji öwrümi «Xiaomi Curve» diýlip atlandyryldy.
Belläp geçsek, iýun aýynyň başynda kompaniýa adaty SU7 Ultra modeliniň hem Nýurburgring ýaryş ýolundaky iň tiz köpçülikleýin önümçilikdäki elektromobildigini habar beripdi – 7 minut 4,957 sekunt.
Ýeri gelende aýtsak, Xiaomi-niň ýakynda tanyşdyran SU7 elektrosedany käbir tankytlara sezewar boldy. «Dimsum Daily» neşiriniň ýazmagyna görä, bu modeli satyn alan Li familiýaly bir müşderi sürüjiniň ýadawlygyna gözegçilik edýän ulgama nägilelik bildiripdir. Liniň aýtmagyna görä, ulgam hemişe oňa uklaýandyr öýdýär. Sebäbi, onuň gözleri tebigy dar görnüşli. Onuň aýtmagyna görä, ulgam maşyny diňe bir sapar sürende oňa 20-den gowrak gezek «Haýyş, sürüşe üns beriň» diýen sesli duýduryşy beripdir. Uzak saparlarda bu duýduryşlar has hem ýygjamlaşypdyr.


şu gün 18:36
1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

20.06.2026 12:20
4.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....