Häzire çenli iň güýçli Redmi smartfon – K80 Ultra hödürlendi: bahasy $360-dan başlaýar

  • 29.06.2025 15:16
  • 5.2k+

Xiaomi täze flagman smartfony bolan Redmi K80 Ultra-ny hödürledi. Bu enjam ýokary öndürijiligi, öňdebaryjy displeýi we kämilleşdirilen audioulgamy bilen tapawutlanýar.

Smartfon 6,83 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edilen, durulygy 2772×1280 piksel, täzeleniş ýygylygy bolsa 144 Gs. Ýagtylygy 3200 kd/m² çenli ýetýär. HDR10+, Dolby Vision we 2560 Gs PWM garaltmany goldaýar.
Enjam MediaTek Dimensity 9400+ çibi (3 nm) bilen işleýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu çip AnTuTu synaglarynda 3,2 milliondan gowrak bal toplapdyr. Sowadyş ulgamy hökmünde 6500 mm² meýdany bolan buglandyryjy kamera bilen üpjün edilen 3D Ice Cycle tehnologiýasy ulanylýar. Operatiw ýady – 12 ýa-da 16 GB LPDDR5X, hemişelik ýady bolsa – 1 TB çenli UFS 4.1.
Discrete Graphics D2 grafiki kömekçi prosessory oýunlarda 144 kadr (fps) durnukly täzeleniş ýygylygyny üpjün edýär. Audioulgamy koaksial dinamikalary we ýapyk dolandyryş konturly täze nesil titrediji hereketlendirijini öz içine alýar.

Esasy kamera iki moduldan ybarat: 50 MP OV Light Fusion 800 (1/1,55", OIS bilen) we 8 MP giňburçly modul. Öňdäki kamera 20 MP bolup, 1080p/60 kadr wideo düşürmegi goldaýar.
7410 mA·sag sygymly batareýasy kremniý goşundysy bilen taýýarlanan we 100 Wt tiz zarýad berşi goldaýar. Simsiz zarýad beriş ulgamy ýok. Smartfon IP68 standartyna görä suwa we tozana garşy gorag, NFC tehnologiýasy we ekranyň astyna ýerleşdirilen barmak yz skaneri bilen üpjün edilen.
Enjam HyperOS 2 (Android 15) ulgamynda işleýär we dört reňkde hödürlenýär: çal, ak, ýaşyl we gök.
Hytaýda 12 GB RAM we 256 GB ROM wersiýanyň bahasy 2599 ýuandan (takmynan, 360 dollardan) başlaýar. Iň ýokary konfigurasiýasy (16 GB RAM + 1 TB ROM) bolsa 3799 ýuan (takmynan, 530 dollar).


18.01.2026 10:31
5.9k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...