Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy

  • 29.06.2025 14:39
  • 6.4k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň bazarlary üçin niýetlenen ilkinji krossoweri bolan YU7 modeliniň satuwyna başlady. Elektromobil dürli herekete getiriş ulgamlary we akkumulýatorlary bilen üç görnüşde hödürlenýär. Bahalary 253 500-den 329 900 ýuana çenli aralykda (takmynan, 35400-den 46000 dollara çenli) üýtgeýär.

Öňünden sargytlar kabul edip başlanandan 3 minut soň, kompaniýa 200 müňden gowrak sargyt alandygyny mälim etdi. Ilkinji bir sagadyň dowamynda bu san 289 müňe ýetdi.
Sargyt etmek üçin 20 müň ýuana çenli başlangyç goýum talap edilýär. Iň köp goýum goýan müşderiler awtoulaglaryny ilkinji alar. Xiaomi-niň bellemegine görä, käbir awtoulaglar eýýäm eltip bermäge taýýar diýen ýaly. Satuwlaryň başynda modeli birnäçe goşmaça aýratynlyklar bilen sargyt edip bolýar, geljekde olar tölegli bolar.

YU7-niň esasy wersiýasy 320 at güýjüni öndürýän we 528 Nm torky üpjün edýän yzky elektrohereketlendiriji hem-de 96,3 kWt⋅sag sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylýar. Ulag 0-dan 100 km/sag tizlige 5,88 sekuntda ýetýär we bir gezeklik zarýad bilen 830 kilometr ýol geçýär. Orta wersiýasy öňdäki goşmaça hereketlendiriji bilen üpjün edilýär we jemi 496 at güýjüni berýär. Şol bir batareýa bilen 770 km ýol geçýär. Iň güýçli wersiýasy bolsa 690 at güýjüni öndürýär we 866 Nm torky üpjün edýär, 0-dan 100 km/sag tizlige 3,23 sekuntda ýetýär. 101,7 kWt⋅sag sygymly batareýasy bilen 760 kilometr ýol geçýär.
YU7 modeliniň elektronikasy 528 kWt-a çenli tiz zarýad berşi goldaýar. Bu tehnologiýa arkaly batareýa 10%-den 80%-e çenli bary-ýogy 12 minutda zarýadlanýar.




düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....