Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýany tassyklanyldy. Ol germaniýaly bilermenler bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy

  • 29.06.2025 18:33
  • 11k+

28-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Kabul edilen kanunlar olaryň taslamalarynyň deslapky ara alyp maslahatlaşylmagy netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
Maslahatyň barşynda deputatlar ilki bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň kabul edileni bäri 25 ýyldan gowrak wagt geçdi. Geçen döwürde ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki ugurlarynda halkara giňişligine işjeň hem-de çalt depginler bilen goşulyşmagy, bazar ykdysadyýetiniň, telekeçiligiň we işewürligiň ösdürilmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň giňeldilmegi häzirki wagtda Kodeksi döwrebaplaşdyrmagyň zerurlygyny ýüze çykardy.
Şunuň bilen baglylykda, Kodeksiň taslamasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda germaniýaly bilermenler bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanyldy.
Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, deputatlar şeýle hem şu resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar:

  • «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda»;
  • «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda»;
  • «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamasy

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....