Gülgüne kaşaňlyk: Bentley Bentayga krossoweri Barbiniň äheňinde taýýarlanyldy

  • 28.06.2025 14:17
  • 6.8k+

Bentley kompaniýasy Bentayga krossoweriniň brend üçin adaty bolmadyk görnüşini hödürledi — müşderiniň islegi boýunca awtoulag Candy Pink reňkde taýýarlanyldy.

ABŞ-dan bir müşderi Bentley-dan gülgüne reňkli Bentayga awtoulagyny sargyt etdi. Bu aýratyn sargyt bilen kompaniýanyň meşhur awtobezeg bölümi — Mulliner meşgullandy.
Awtoulag adatdan daşary dizaýny bilen tapawutlanýar: gülgüne reňkli kuzow bilen birlikde gara reňkli gapy tutawaçlary, tüsselik turbalary, faralaryň çarçuwalary, üçek relsleri we howa girişleri bar. Adaty Bentley modellerinde gabat gelýän hrom elementleri bu ýerde asla ýok.
Salonyň içki dizaýnyna hem şol bir gülgüne äheň dowam edýär — oturgyçlardaky deri oturtmalarda, poluň örtgülerinde we gapy panelleriniň käbir böleklerinde gülgüne reňk ulanylypdyr.
Bentley kompaniýasynyň maglumatyna görä, täze satylýan awtoulaglaryň takmynan 70%-i Mulliner tarapyndan müşderiniň islegine görä aýratynlaşdyrylýar. Şol bir wagtda 25 ýyl mundan ozal Bentley ýyllyk bary-ýogy 1500 awtoulag satýardy. Häzirki wagtda bu görkeziji 7 esse ýokarlanyp, müşderiler diňe awtoulag däl-de, hut öz islegine laýyklykda bezelen aýratyn model sargyt etmäge çalyşýarlar.


düýn 15:48
2k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy...

28.10.2025 19:05
7.6k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

24.09.2025 13:07
4.7k+

Bentley ilkinji ombre reňkli sedanyny görkezdi

Bentley kompaniýasy Flying Spur sedanynda ilkinji gezek ombre reňkleýiş tehnologiýasyny ulandy. Şeýle tehnika iki reňkiň biri-birine akgynly geçişini göz öňünde tutýar - awtoulagyň öň tarapy mawy Topaz, arka tarapy dok gök Windsor reňki bilen boýalýar...

04.09.2025 19:46
17k+

Doly agaçdan ýasalan Bentley Continental GT satuwa çykaryldy, onuň üçin $100 müň soralýar

eBay saýtynda Bentley Continental GT ulagynyň ähli bölekleri diýen ýaly agaçdan ýasalan doly göwrümli nusgasy satuwa çykaryldy. “Awtopilot” saýtynyň habar bermegine görä, ony döredijiler ulag üçin, takmynan, 100 müň dollar almak isleýär, bu bolsa hakyky Bentley-iň bahasyna golaýdyr...