Medeniýet hepdeligi — 2025 baýramçylyk konserti bilen jemlendi

  • 28.06.2025 14:43
  • 7.4k+

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

Änew şäheriniň, Bäherden, Gökdepe we Kaka etraplarynyň, Yzgant şäherçesiniň, Gämi obasynyň medeni ojaklarynda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar, okuw-usuly, ylmy-usulyýet maslahatlary milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde, sungatyň dürli ugurlaryny ösdürmekde, muzeý, kitaphana işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Irden Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, döredijilik işgärleri, talyplar Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular.

2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. 
Dabara ýurdumyzyň halk artistleriniň we birleşen folklor tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Medeniýetiň howandary Arkadag» atly aýdym bilen açyldy.
Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary, nusgawy aýdym-sazlar häzirki döwrümiziň joşgunly estrada aýdymlary, tans çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşyp, bir bitewi ruhy gurşawy emele getirdi. Dabara türkmen halk dessanlarynyň äheňinde döredilen «Hatyrjem bolgul» (“Saýatly Hemra”), «Uzuklar» ýaly folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Sazlaşykly ýerine ýetirilen täsirli sahna eserlerinde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. «Meňli», «Dehistan», «Margiana», «Aşgabat» folklor-tans toparlarynyň, Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň çykyşlary ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparynyň ýerine ýetiren küştdepdi tansy tomaşaçylara aýratyn ruhy lezzet paýlady.
Watanymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm wakalary beýan edýän wideoşekiller döredijilik çykyşlaryna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Baýramçylyk konserti ähli dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Gülle, medeniýetim, sungatym bu gün!» atly aýdym bilen tamamlandy.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.









19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......