Xiaomi täze eplenýän Mix Flip 2 smartfonyny tanyşdyrdy

  • 29.06.2025 15:45
  • 4.7k+

Xiaomi ikinji nesil eplenýän smartfony Mix Flip 2-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjam täzelenen dizaýn, Dragon Bone atly şarnir we 5165 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu şeýle batareýa ornaşdyrylan ilkinji eplenýän smartfondyr.

Enjam daşky tarapynda 4,01 dýuýmlyk AMOLED displeý, içinde bolsa 6,86 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edilen. Bu iki ekran hem 120 Gs täzeleniş ýygylygyny, 3200 nit ýagtylygy, P3 reňk giňişligini goldaýar we TÜV Rheinland tarapyndan sertifikatlaşdyrylan.
Smartfon Snapdragon 8 Gen 3 Elite platformasynda işleýär. Android 15 esasynda işlenip düzülen HyperOS 2 ulgamy bilen üpjün edilen. Xiaomi elektromobilleriniň käbir funksiýalaryny dolandyrmak mümkinçiligi hem bar. Enjam simli 67 Wt, simsiz 50 Wt zarýad berşi goldaýar.
Esasy kamera – 50 MP, Light Hunter 800 sensorly, optiki stabilizasiýaly we ƒ/1.7 ýagtylyk güýjüne eýe. Şeýle hem 50 MP-lik giň burçly modul bar. 4K çözgütde, sekuntda 60 kadr bilen wideo düşürmek we 10 sm aralykdan makro düşüriş mümkinçilikleri bar. Öňdäki kamera – 32 MP. Kameralaryň sazlamalary Leica-nyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilen.

Suratlary derrew çap etmek üçin, hödürlenýän goşmaça aksessuary – Mix Flip 2 Pocket jübi fotoprinterini hem satyn alyp bolýar. Bahasy 699 ýuan (takmynan, 95 dollar). Ol USB Type-C arkaly smartfona birikdirilýär.
Mix Flip 2 dört reňkde hödürlenýär: ak, melewşe, ýaşyl we altynsöw.
12 GB RAM we 256 GB hemişelik ýady bolan görnüşi 5999 ýuan (≈$835), 16 GB RAM we 512 GB ýady bolan görnüşi 6499 ýuan (≈$905), 1 TB ýat bilen üpjün edilen görnüşi bolsa 7299 ýuan (≈$1015) diýlip bahalandyrylýar.
Hytaýda satuwyna başlandy. Beýleki ýurtlarda elýeterliligi barada häzirlikçe maglumat ýok.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...