Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizildi. Onuň tizligi öňküden 20 esse ýokary

  • 29.06.2025 17:50
  • 13k+

Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G (5ji) tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirildi. Bu barada 28-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

D.Orazow bu ýerde ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna täze, häzirki zaman 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini Gurbanguly Berdimuhamedowdan haýyş etdi.
Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli hasaplanylýar. Ol ýokary tizlik derejesine we ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Şeýle hem onuň tizlik derejesi öňkä garanyňda 20 esse ýokarydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa onlaýn maslahatlaryny geçirmekde, emeli aň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmak wagtyny tizleşdirmekde ähmiýetlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......