Ýantar daşynda ýaşy 40 million ýyla golaý bolan gadymy tarakan tapyldy

  • 29.06.2025 13:27
  • 7.1k+

Kaliningraddaky “Ýantar kombinatynda” (RF-niň “Rosteh” döwlet korporasiýasyna degişli) 35–40 million ýyl mundan ozalky döwre degişli gadymy ýabany tarakan saklanýan täsin ýantar daşy tapyldy. Bu seýrek duş gelýän inklýuziýa 2-nji awgustda Moskwada geçiriljek AmberForum’25 halkara forumynyň çäklerinde guraljak täsin ýantarlar auksionynda esasy lotlaryň biri bolar.

7 gram agramy bolan ýantar bölegi 41x21 mm ölçegde bolup, onuň içinde taryhy ýabany tarakan ajaýyp ýagdaýda saklanan: onuň ganatlary, aýaklary we kelle bölegi dolulygyna görünýär. Bu gadymy mör-möjek häzirki tropik sebitlerde duş gelýän görnüşlere meňzeýär, ýöne häzirki zamandaky tarakanlar bilen deňeşdirilende düýpgöter başga görnüşdir diýip, alymlar belleýärler. Ol relikt agajynyň galyndysynda gatap galyňdyr.
Gemolog hünärmeni Anna Dugina şeýle diýýär:

“Bu soňky bäş ýylyň dowamynda tapylan iň uly ýabany tarakan bolup, onuň ýerleşişi hem örän üstünlikli. Inklýuziýa daşyň ýüzüne ýakyn ýerleşýär, ýöne ýeterlik çuňlukda. Bu bolsa daşy gaýtadan işläp, ýabany tarakana zeper ýetirmezden ony ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi”.

Tapylan nusga diňe bir alymlaryň däl, eýsem seýrek taryhy tebigy serişdeleriň kolleksionerleriniň hem uly gyzyklanmasyny döredýär. Şeýle janly saklanyşy bolan mör-möjek inklýuziýasy dünýä derejesinde ylmy ähmiýete eýe bolup biler.


düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......