2.5k+

«Summer Game Fest 2025-e» rekord 50 million gezek tomaşa edildi

Summer Game Fest 2025-iň açylyş dabarasy 50 milliondan gowrak gezek görüldi – bu şüweleňiň taryhyndaky iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada dabaranyň prodýuseri we alyp baryjysy Jeff Kili habar berdi. StreamsCharts maglumatlaryna görä, dabarany bir wagtda gören tomaşaçylaryň iň köp sany 3 milliondan geçdi, bu bolsa 2024-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 89% köpdür...

1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýany milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire we ýurduň ähli halkyna Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

11k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar...

8.1k+

Luis Vuitton “Realyň” resmi hyzmatdaşy boldy

Luis Vuitton Madridiň “Realynyň” sport toparlarynyň resmi hyzmatdaşy boldy. Fransuz modalar öýi erkekler we aýallar futbol toparlary, şeýle hem "patyşalyk klubunyň" erkekler basketbol topary üçin oýundan daşgary geýilýän eşikleri döreder...

8.1k+

Ronaldu Esports World Cup kibersport ýaryşynyň ilçisi boldy

Kriştianu Ronaldu kibersport boýunça iň uly ýaryş bolan Esports World Cup (EWC) ýaryşynyň global ilçisi boldy. Bu barada ýaryşyň guramaçylary we futbolçynyň özi sosial toruna habar berdi. «Men Esports World Cup...

10k+

Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar

Toyota geljek ýyl Highlander krossoweriniň täze neslini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu model Hytaýda işlenip düzüler.  Sienna awtoulagynyň indiki wersiýasy hem HHR-de şuňa meňzeş görnüşde dörediler diýip, CarNewsChina habar berýär...

4.5k+

«Gök gürrüldedijiler*» filmi önümçilik çykdajylaryny ödäp bilmedi

«Gök gürrüldedijiler*» (Громовержцы*) kinokomiksi dünýä boýunça prokatda 371 million dollar gazandy we önümçilik çykdajylaryny ödäp bilmedi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, kassadaky gazançlara görä bu film Marvel kinoälemindäki iň şowsuz filmleriň biri boldy...

1.1k+

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar...

5.6k+

Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi

Renault Trucks we Kleuster şäher logistikasy üçin niýetlenen Kleuster 350 kysymly elektrik ýük welosipedini hödürlediler. Bu modeliň önümçiligi Fransiýanyň Wenisýo şäherindäki Renault Trucks zawodynda ýola goýuldy...

7.7k+

2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy...

3.4k+

Gattuzo Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Italiýanyň futbol federasiýasy (FIGC) resmi saýtynda Jennaro Gattuzonyň milli toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. 47 ýaşly hünärmen 19-njy iýunda, penşenbe güni “Skuadra adzurranyň” tälimçisi hökmünde tanyşdyrylar...

10k+

Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar

Parasetamol dünýäde iň köp ulanylýan agyryny aýryjy dermanlaryň biridir. Ony kellagyryda, gyzgyn galanda we beýleki agyrylarda ulanýarlar. Bu derman ilkinji gezek 1878-nji ýylda sintez edildi, ýöne alymlar onuň nähili işleýändigine indi doly düşünip bildiler diýip, IFL Science habar berýär...

2.5k+

Burunda işdäniň gözegçiligine täsir edýän reseptorlar tapyldy

Ýewropaly neýrofiziologlar burnuň ys alyş epiteliýsinde iýmitiň ysyny alanda doýmak duýgusyny güýçlendirýän reseptorlaryň aýratyn kategoriýasyny tapdylar. Garramagyň biologiýasy instituty (Germaniýa) bu neýronlarda bökdençligiň ýüze çykmagy artykmaç iýmeklige we semremeklige getirip biljekdigini ýüze çykardy...

6k+

Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken

1950-nji ýyllarda Ýaponiýanyň merkezindäki Toýohasi şäheriniň golaýynda arheologlar birnäçe gadymy süňkleri – bir egin süňki bilen but süňküniň bir bölegini tapdylar. Şol wagt olar iň gadymy adam galyndylary hökmünde kesgitlenip, ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanypdy...