Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin serhetlerini açdy

  • 16.06.2025 18:16
  • 23k+

Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin öz çäginiň berilmegi boýunça dessin çäreler görýär.

Türkmenistanyň DIM-niň berýän maglumatlaryna görä, häzirki güne çenli Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 120-den gowrak adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdiler.
Gelen adamlar awtoulaglar, iýmit, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edildi.
Ynsanperwer işi durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhümdir.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....