Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken

  • 16.06.2025 13:14
  • 6k+

1950-nji ýyllarda Ýaponiýanyň merkezindäki Toýohasi şäheriniň golaýynda arheologlar birnäçe gadymy süňkleri – bir egin süňki bilen but süňküniň bir bölegini tapdylar. Şol wagt olar iň gadymy adam galyndylary hökmünde kesgitlenip, ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanypdy. Bu tapyndylar soň Ýaponiýanyň antropologik mirasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Emma 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, käbir alymlarda bularyň adama degişli däldigi barada şübheler döräp ugrady. Häzirki zaman tehnologiýalaryň kömegi bilen bu jedel ahyrsoňy çözüldi diýip, «Glass Almanac» ýazýar.
Tokio uniwersitetinden barlagçy Gen Suwa kärdeşleri bilen bilelikde tapylan süňkleriň KT skanirlemesini we mikroskopiki seljermesini geçirdi. Netijede, bu süňkleriň 20 müň ýyl ozal arhipelagda ýaşap geçen Ursus arctos görnüşli gadymy goňur aýynyňkydygy ýüze çykaryldy.
Morfologiki seljermeler süňkleriň içki gurluşynyň adam süňküne gabat gelmeýändigini, emma aýy süňki bilen doly gabat gelýändigini görkezdi.
Şeýlelikde, Ýaponiýadaky iň gadymy adam galyndylary diýlen at indi 14 müň – 17 müň ýyl ýaşy bolan, Hamakita sebitinden tapylan süňklere geçdi. Adamzadyň has irki döwürlerde bu sebitde ýaşap geçendigi bilen bagly yzlar hökmünde skeletler däl-de, dürli gurallar we beýleki artefaktlar Rýukýu adalaryndan tapylypdy we 32 müň ýyllyk diýip senelenipdi.
Alymlar şeýle ýalňyşlyklaryň geleňsizlik bilen däl-de, öňki döwrüň tehnologiýasynyň çäklendirmeleri bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Diňe häzirki zaman seljeriş usullary, şol sanda 3D rekonstruksiýa we DNK gözlegleri tapyndylaryň gelip çykyşyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.


şu gün 17:37
616

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......