Ortaýer deňzinde 2570 m çuňlukdan XVI asyra degişli adaty bolmadyk ýükli gämi tapyldy

  • 17.06.2025 13:01
  • 10k+

Fransuz arheologlary Ortaýer deňzinde 2570 metr çuňlukdan XVI asyrda gark bolan söwda gämisini tapdylar. Medeniýet ministrliginiň Suwasty arheologiýa bölüminiň müdiri Arno Şomas bu Fransiýanyň territorial suwlarynda gämi heläkçiligi hasaba alnan iň çuň ýerdir diýip, habar berdi.

Bu açyş mart aýynda Sen-Tropeniň kenaryndaky deňiz düýbüniň barlagyny geçirýän suwasty uçarmansyz enjam tarapyndan edildi. Apparat Fransiýanyň mineral baýlyklaryndan başlap, internet kabellerine çenli çuňlukdaky deňiz baýlyklaryny öwrenmek boýunça hökümet taslamasynyň bir bölegidi.
Arheologlar gäminiň keramika we metal önümleri bilen ýüklenip, Italiýanyň demirgazygyndan çykyp ugrandygyna ynanýarlar. Tapyndynyň ýüze çykarylan  ýerine şertli "Kamarat 4" diýip at berildi.


Arheolog Marin Sadaniniň sözlerine görä, galyndylaryň arasynda 200 töweregi agzy dar küýze tapyldy. Olaryň käbiri "IHS" monogrammasy - Isanyň adynyň grek dilindäki ilkinji harpy, beýlekileri ösümlik we geometrik nagyşlar bilen bezelipdir. Bu alamatlar küýzeleriň häzirki Italiýanyň demirgazygyndaky Liguriýa sebitinde ýasalandygyny görkezýär.
Mundan başga-da, 100 töweregi sary plastina, iki gazan, labyr we alty top tapyldy.
Geljekki iki ýylda arheologlar gäminiň sanly 3D modelini döretmegi we tapyndylar barada goşmaça barlag geçirmegi meýilleşdirýärler.


22.06.2026 23:12
4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......